Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Stadionlar

“Aşgabat” stadiony – 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde ýerleşýän stadion tomaşaçylaryň 20 müňüsine niýetlenendir.

“Sport desgasy” stadiony – Mary şäheriniň Baýramaly etrabynda ýerleşýän “Sport desgasy” stadiony 10 müň tomaşaça niýetlenendir. “Merw” toparynyň duşuşyklaryny geçirýän stadiony. 2009-njy ýylda ulanmaga berildi.

“Köpetdag” sport toplumy – Aşgabatda ýerleşýän köpugurly stadion. “Köpetdag” futbol klubunyň duşuşyklaryny geçirýän stadiony. Türkmenistanda iň iri stadionlaryň biri hasaplanýan bu stadion 26 müň tomaşaça niýetlenendir. “Köpetdag” stadiony Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişlidir.

“Sport toplumy” stadiony – Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumy “Balkan” toparynyň duşuşyklaryny geçirýän stadiony. 2009-njy ýylda ulanylyşa berlen stadion tomaşaçylaryň 10 müňüsine niýetlenendir.

“Garaşsyzlyk” stadiony – Daşoguz şäheriniň “Daşoguz” toparynyň duşuşyklaryny geçirýän stadiony. 2010-njy ýylyň maý aýynda ulanylyşa berlen stadion tomaşaçylaryň 10 müňüsi üçin niýetlenendir.