12-nji martda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdakysyna badalga berildi. Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisi (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Energetik”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş eder. 2018-nji ýylyň noýabryna çenli dowam etjek çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlary 12-nji mart – 15-nji iýul aralygynda geçiriler.
TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNA GATNAŞÝAN
FUTBOL KLUBLARY