Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Toparlarymyz futbol çempionatymyzyň ikinji ýarymyna taýýarlanýarlar

 

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawyna taýýaryk görýän toparlarymyz okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna başladylar.

Futbol çempionatymyzyň birinji ýarymyny 7-nji orunda tamamlan “Köpetdag” topary häzirki wagtda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Türgenleşik ýygnanyşygy 14-nji iýula çenli dowam eder.

Marynyň “Merwi” iýulyň 10-14-i aralygynda Aşgabatda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Şu gün agşam paýtagtymyza gelýän “Merw” topary okuw-türgenleşiginiň dowamynda “Aşgabat” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär. Ýeri gelende aýtsak, çempionatymyzyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça “Merw” 6-njy, “Aşgabat” bolsa 5-nji orunlary eýeleýärler.