Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Toparlar çykyş etjek köýnekçelerini mälim etdiler

Şu gün, “Istiklol” (Täjigistan) bilen “Altyn Asyr” (Türkmenistan) toparlarynyň arasynda geçiriljek AFK-nyň toparçalaýyn bäsleşiginiň öňüsyrasy “Haýatt Ridjinsi Duşenbe” myhmanhanasynda toparlaryň, AFK-nyň hem-de duşuşygyň geçişine jogapkär guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýygnanyşyk geçirildi.

Geçirilen ýygnanyşykda duşuşygyň guramaçylygy bilen birlikde toparlaryň ertirki duşuşykda meýdana çykjak köýnekçeleri hem mälim edildi.

Täjigistanyň çempiony ýer eýesi hökmünde adaty gyzyl-gara, paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” bolsa gök köýnekçede çykyş ederler.

AFK-nyň Kubogynyň altynjy tapgyrynyň çäginde “Istiklol” bilen “Altyn Asyryň” arasyndaky duşuşyk 16-njy maýda 18:00-da Gissar şäheriniň merkezi stadionynda geçiriler. Ýeri gelende aýtsak, “Merkezi” zolagyň “D” toparçasyndan diňe bir toparyň pleý-off  tapgyryna çykýandygyny ýatladýarys.