Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Toparçalaýyn bäsleşiklere badalga berildi

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiklerine badalga berildi. Toparçalaýyn bäsleşigiň çägindäki ilkinji duşuşyklaryň biri Daşkent şäherinde geçirilip, onda ýerli “Lokomotiw” hem-de BAE-niň “Al-Aýn” toparlary güýç synanyşdylar. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen bu duşuşyk 5:0 hasabynda olaryň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, geçirilen duşuşykdan soň Daşkendiň topary çykyş edýän “B” toparçasynyň ýokarky ornuna geçmegi başardy.

Ýeri gelende aýtsak, bu duşuşykda Türkmenistanly FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow ätiýaçdaky eminiň wezipesini ýerine ýetirdi.

 “tff.com.tm”