Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

TOP-LIGA-2018: “Dordoý” Kantda “Abdyş-Atadan” üstün çykdy

 

12-nji iýunda Bişkegiň “Dordoýy” Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatyndaky 10-njy duşuşygyny geçirdi. Bu gezek Aleksandr Krestininiň şägirtleri ezeli bäsdeşleri Kant şäheriniň “Abdyş-Ata” topary boldy. Kant şäherinde geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda “Dordoýyň” peýdasyna tamamlandy. Paýtagtyň toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk topy Tamirlan Kozubaýew öz adyna ýazdyrdy.

Bu ýeňşinden soň Bişkegiň topary 20 utuk toplap öňdäki orunlarda ornaşmagyny dowam edýär.

12-nji tapgyryň duşuşygynda bolsa “Dordoý” ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Alga” topary bilen duşuşar. Ýeri gelende aýtsak, “Dordoýda” Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Amir Gurbani, “Algada” bolsa türkmen futbolçysy Serdarali Ataýew çykyş edýärler.

Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynda 8 toparyň (“Dordoý”, “Alga”, “Ilbirs” (hemmesi Bişkek), “Abdyş-Ata (Kant), “Kara-Balta” (Kara-Balta), “Neftçi” (Koçkor-Ata), “Alaý”, “Akademiýa” (ikisi-de Oş) çykyş edýändigini ýatladýarys. 7-nji aprelde başlan ýerli çempionat dört aýlawdan ybarat bolup, 3-nji noýabra çenli dowam eder.