Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Tamurkin “Alga” bilen şertnama baglaşdy

 

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ilýa Tamurkin karýerasyny Bişkegiň “Alga” toparynda dowam eder.

Ýeri gelende aýtsak, I.Tamurkin soňky 11 ýylyny Marynyň “Merwinde” geçirdi. Goraga ýakyn ýarymgoragda çykyş edýän futbolçy öňki topary bilen Türkmenistanyň Kubogyna hem-de Naýbaşy kubogyna mynasyp bolupdy.

Şeýle-de “Alga” toparynda “Ahalyň” goragçysy Ata Geldiýew hem gözden geçirilýär.

Parahat Ataýew,

sport synçysy.