Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Türkmenistanyň zenanlar futzal ýygyndysy Aziýa çempionatynda çykyş eder

Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndysy Aziýa çempionatynyň final böleginde çykyş etmek üçin Taýlandyň paýtagty Bangkok şäherine ugrady. Aziýa çempionatynyň “D” toparçasynda çykyş edýän milli ýygyndymyzyň garşydaşlary Özbegistanyň hem-de Eýranyň ýygyndy toparlary bolar.

Milli ýygyndymyzyň resmi wekilleri 20 adamdan ybarat bolup, olaryň 14-si futzalçylardan, 4-si tälimçidir toparyň lukmanlaryndan, 2-si bolsa resmi wekilden ybarat boldy.

Milli ýygyndymyzyň futzalçylarynyň düzümi düzümi:

Derwezeçiler: Halylowa Ogulbahar, Eminowa Malika, Şepturowa Rima.

Oýunçylar: Mämmetsähedowa Suraý, Musaskaýa Maýa, Çaryýewa Mariýa, Gurbanowa Bagtygül, Artykowa Gözel, Kulikowa Nikol, Orazmedowa Mahym, Döwranowa Jennet, Mingazowa Albina, Amanmuhammedowa Ejeş, Eşnyýazowa Halida.

Resmi wekiliýet: Mingazow Kamil (baş tälimçi), Annadurdyýew Annadurdy (tälimçi), Geldiýew Baýram (lukman), Şişkina Lýudmila (owkalaýjy), Borowik Boris (iş dolandyryjy), Allagulyýew Polat (terjimeçi).

Ýeri gelende aýtsak, Aziýa Futbol Konfederasiýasy (AFK) tarapyndan geçiriljek “Taýland 2018” futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky AFK-nyň çempionaty 2-12-nji maý aralygynda Bangkok şäherinde geçiriler. “D toparçasynda çykyş edýän milli ýygyndymyz 3-nji maýda Eýranyň, 5-nji maýda bolsa Özbegistanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

“tff.com.tm”