Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy yrakly, ýemenli hem-de eýranly deň-duşlary bilen Tokio olimpiadasy ugrunda bäsleşer

 

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň (U-23) saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy.  

7-nji noýabrda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde Aziýa wekilçilik edýän ýygyndylaryň 44-si toparçalaryň 11-sinde bäsleşjekdigi mälim edildi.

Geçirilen bijä laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy “C” toparçada Yragyň, Ýemeniň hem-de Eýranyň ýaşlar ýygyndylary bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Bu toparçadaky saýlama tapgyryň duşuşyklary 2019-njy ýylyň 22-26-njy martynda Eýranda geçiriler.

Saýlama tapgyrynyň çäginde geçiriljek toparçalaýyn bäsleşikleriň jemi boýunça toparçalaryň ýeňijileri hem-de iň gowy netije görkezenleriň dördüsi Aziýa çempionatynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Aziýa çempionatynyň (U-20) 2020-nji ýylyň 8-26-njy ýanwary aralygynda Taýlandda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Aziýa çempionatynda ilkinji üç orna mynasyp bolanlar bolsa 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Taýýarlan Parahat Ataýew.