Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U23) Katarda ýerli ýygyndy bilen deňme-deň oýnady

 

Kataryň Doha şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U23) ýerli olimpiýa ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen bu duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy. Ýygyndy toparymyza deňlik getiren toplary oýnuň 21-nji hem-de 44-nji minutlarynda Begmyrat Baýow bilen Begenç Akmämmedow geçirmegi başardylar. Ýeri gelende bellesek, bu duşuşyk Doha şäherinde ýerleşýän «Hamad Al Kabeer» stadionynda geçirildi.

Ahmed Agamyradowyň tälim berýän ýygyndy toparymyz bu duşuşykda Aziýa futbolunyň öňbaşçylarynyň biri hasaplanýan Kataryň olimpiýa ýygyndysynyň garşysyna önjeýli oýun geçirendigini aýratyn bellemek gerek.

Ýoldaşlyk duşuşygy. Doha (Katar)

Katar (U23) – Türkmenistan (U23) – 2:2

Gollar: 25 Nasser Saleh Alýazidi, 90+4 Halid Muneer Mazeed – 21 Begmyrat Baýow, 44 Begenç Akmämmedow

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümi (U23) – Döwletýar Berdiýew (d), Rasul Çaryýew, 86), Begmyrat Arbatow (Nazar Towakelow, 53), Oraz Ataýew, Şiraly Ybragimow (Welmyrat Ballakow, 42), Yhlas Saparmämmedow (k) (Yhlas Toýjanow, 73) Resul Hojaýew (Baýramgeldi Gulmaýew,86), Röwşengeldi Halmämmedow  (Ýakup Magsadow, 73), Bagtyýar Gürgenow, Begenç Akmämmedow (Hemra Gulyýew, 86), Mihail Titow (Begençmyrat Myradow, 73) , Begmyrat Baýow (Meýlis Diniýew, 53).