Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy Duşenbede geçirilen halkara ýaryşyndaky çykyşyny ýeňiş bilen tamamlady

 

Täjigistanda zenan futbolçylaryň gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryşynda (CAFA U-23 Women’s Championship) çykyş eden Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy soňky duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady. Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndy topary bilen duşuşan ýygyndymyz 2:0 hasabynda üstünlik gazandy.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýa sebitine girýän ýygyndylaryň 6-synyň gatnaşmagynda guralan halkara ýaryşy 22-28-nji noýabr aralygynda Duşenbe hem-de Gissar şäherleriniň merkezi stadionlarynda geçirildi.

Bu halkara ýaryşynyň ýeňijisi Özgebistanyň zenanlar ýygyndysy boldy. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde Eýranyň hem-de Täjigistanyň zenanlar olimpiýa ýygyndylary eýelediler.