Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşy dünýä çempionatynda ýeňlişe sezewar boldy

 

Russiýa Federasiýasynda dowam edýän dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Belgiýa bilen geçirilen duşuşygynda Ýaponiýanyň ýygyndysy 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Ýogsa, bu duşuşygyň ikinji ýarymynyň ortalaryna çenli Ýaponiýanyň ýygyndysy 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp gelýärdi.

Oýundan soňky geçirilen metbugat ýygnagynda Ýaponiýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Akira Nisino netijeden örän nägiledigini belledi.

“Biz diňe gowy oýnaman, eýsem-de, örän gowy oýny geçirdik. Biz ilkibaşdan hem Belgiýany ýaryşdan çykarmak maksady bilen duşuşyga başladyk. Biziň ýygyndymyz örän güýçli. Bizde bu oýun üçin birnäçe oýun tilsimimiz bardy. Başlaýşymyz örän gowy, ýöne soňunda gerekmejek toplary geçirtdik. Dogrymy aýdaýyn, bu biz üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Oýun 2:0 bolup durka-da men düzümimi üýtgetmedim, biz ýene-de gol salmak isledik. Şol pursatlar biz diňe bir topy däl, eýsem oýnuda öz elimizde saklap gelýärdik. Ýöne soňlugynda Belgiýa oýnuň “jylawyny” doly eline aldy. Gerek ýerinde tizligini artdyrdy. Soň bolsa oýun babatynda bizi öňürtdi.

Hasapdan örän nägile, Belki-de, meniň käbir eden hereketim oýna öz ýaramaz täsirini ýetirendir. Dünýä çempionaty hakynda aýdanymda, onda men geçiren oýunlarymyzdan hem, oýunçylarymyzdan hem örän razy. Bu biz üçin örän gowy ýaryş boldy. Oýunçylarymyzyň hemmesi-de 100% netije görkezdi” diýip, baş tälimçi geçen duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi.

Ýeri gelende aýtsak, 2018-nji ýyldaky dünýä çempionaty Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň saldamlysy boldy. Ýaponiýanyň ýygyndysy bu çempionatda netijeli urgularyň 6-syny geçirmegi başardy. Toparçalaýyn bäsleşikde ýapon futbolçylary Kolumbiýadan 2:1, Polşadan 1:0 hasaplarynda üstün çykdy. Senegalyň ýygyndysy bilen bolsa 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Bu çempionatyň Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň taryhyndaky 6-njy çempionatdygyny ýatladýarys. Mundan öňki iň netijeli geçen çempioatlary 2002-nji ýylda bolup, şol ýyl Ýaponiýanyň ýygyndysy 5 top geçirmegi başarypdy.

Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň 2019-njy ýylda BAE-de geçiriljek Aziýa Kubogynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bilen bir toparçada bäsleşýändigini ýatladýarys. “F” toparçada Türkmenistanyň, Ýaponiýanyň ýygyndylary bilen birlikde Özbegistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary-da çykyş ederler. Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary bilen 1-nji fewraly aralygynda geçiriler.

Aziýa Kubogynyň dört gezek ýeňijisi bolan Ýaponiýanyň milli ýygyndysy Aziýa yklymynyň nobatdaky bäsleşiginiň hem baş baýragynyň esasy dalaşgäri hasaplanýar.

Taýýarlan Parahat Ataýew,

sport synçysy.