Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň milli ýygyndysy oýundan öňki türgenleşigini geçirdi

 

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy şu gün agşam “Köpetdag” stadionynda dünýä çempionaty-2022-niň saýlama tapgyrynyň duşuşygynyň öňüsyrasy türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi.

Geçirilen türgenleşigiň ilkinji 15 minuty žurnalistler üçin açyk boldy. Bir sagat töweregi dowam eden türgenleşikde Ante Mişeniň türgenleşdirýän ýygyndy toparymyzyň futbolçylary ýeňil ylgaw hem-de beden maşklaryny ýerine ýetirdiler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň ikinji tapgyrynda Günorta Koreýanyň milli ýygyndysyny kabul eder. Bu duşuşyk 10-njy sentýabrda “Köpetdag” stadionynda geçiriler. Saýlama tapgyrynyň ikinji duşuşygy 19:00-da başlanar.