Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň milli ýygyndysy Günorta Koreýanyň ýygyndy toparynyň garşysyna ak köýnekçede çykyş eder

 

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Günorta Koreýanyň ýygyndy toparynyň garşysyna ak köýnekçede çykyş eder.
Şu gün, Dünýä çempionaty-2022-niň ikinji saýlama tapgyrynyň ikinji tapgyrynyň öňüsyrasy "H" toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Günorta Koreýanyň milli ýygyndylarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynyň konferens zalynda ýörite ýygnak geçirildi.
Onuň dowamynda milli ýygyndylaryň resmi wekillerinden başga duşuşygyň komissary, eminleriň gözegçisi, duşuşygy guraýjylardyr resmi wekiller ertirki oýnuň guramaçylygy bilen bagly maslahat geçirdiler.
Mundan başga, ýygnagyň dowamynda ýygyndylaryň çykyş etjek köýnekçeleri mälim edildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň ikinji duşuşygynda ak köýnekçede çykyş eder. Günorta Koreýanyň ýygyndy topary bolsa gyzyl köýnekçe geýer.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň ikinji tapgyrynda Günorta Koreýanyň milli ýygyndysyny kabul eder. Bu duşuşyk 10-njy sentýabrda “Köpetdag” stadionynda geçiriler. Saýlama tapgyrynyň ikinji duşuşygy 19:00-da başlanar.