Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynda ikinji duşuşygyny geçirdi

 

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň ikinji tapgyrynda Koreýa Respublikasynyň miilli ýygyndysyndan ýeňlişe sezewar boldy. Paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Na Sangho (13) bilen Jung Wooýung (78) tapawutlanmagy başardylar.

Türkmen toparynyň dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynda ikinji duşuşygyny geçirendiklerini ýatladýarys. Horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň tälim berýänleri saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndy toparyny myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňlişe sezeawr etmegi başardy.

Ýygyndy toparymyz saýlama tapgyrynyň üçünji tapgyrynyň duşuşygyny myhmançylykda Liwanyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşyk 10-njy oktýabrda geçiriler.

“H” toparçasynda çykyş edýän milli ýygyndymyzyň garşydaşlarynyň Günorta Koreýanyň, Demirgazyk Koreýanyň, Liwanyň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylarydygyny ýatladýarys.