Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň sanawynda dört basgançak ösüş gazandy

 

Noýabr aýynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda Aşgabatda geçirilen iki duşuşykda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň we Şri-Lankanyň ýygyndylaryndan üstün çykyp, ýyly «H» toparçanyň birinji orny bilen jemlän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bu netijeler bilen FIFA-nyň täzelenen reýting sanawynda hem dört basgançak ýokary galdy. Geçen aýdaky sanawda 133-nji orunda görkezilen milli ýygyndymyz indi 129-njy orunda. Täzelenen sanawda Türkmenistanyň ýygyndysy Sudan bilen Guatamelanyň aralygynda ýerleşýär (Çeşme: turkmenportal.com)..

Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky topardaşlarymyzdan Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy noýabr aýynda görkezen pes netijesi (Liwan ― Koreýa Respublikasy 0:0) bilen, iki basgançak aşak düşdi we 41-nji orna geldi. Aýdaky möhüm duşuşyklarynda Koreýa Respublikasy bilen KHDR-den ýeňilmedik Liwanyň ýygyndysy bolsa iki basgançaklyk ösüş gazanyp, 89-njy orna çykdy. Biziň ildeşlerimizden 1:3 hasabynda ýeňlen, Liwan bilen hem deňme-deň oýnan KHDR bolsa ozalky netijesini bir basgançak peseldip, 116-njy orna geldi. Toparçamyzyň bäşinji wekili ― Şri-Lankanyň ýygyndysy täzelenen sanawyň 205-nji ornunda.

Uzak aralykdan soňra Ýaponiýanyň ýygyndysy Aziýa boýunça birinji orna geçdi. Dogrusy, olar ozalky ornunda ― 28-njilikde galdylar. Ýöne Eýranyň ýygyndysy alty basgançak pese düşüp, 33-nji orna çenli geldi. Aziýa yklymy boýunça ilkinji bäşlikde Koreýa Respublikasy, Awstraliýa we Katar hem bar. Ýakyn goňşularymyzdan Özbegistan 85-nji, Gyrgyzystan 96-njy, Täjigistan 121-nji, Owganystan 149-njy orunda. UEFA-da ― Ýewropada ýaryşýan goňşularymyzdan Azerbaýjan 114-nji, Gazagystan 118-nji orunda ýerleşýär.

Sanawyň ilkinji bäşliginde özgerme ýok. Ilkinji bäşlik: Belgiýa, Fransiýa, Braziliýa, Angliýa we Uruguaý görnüşinde. Horwatiýa altynjy orna çykyp, Portugaliýa ýedinjilige düşüpdir. Öňdäki 10-lugy Ispaniýa, Argentina we Kolumbiýa jemleýär.