Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Türkmen hünärmenleri FIFA-nyň we AFK-nyň sport lukmançylygy baradaky seminaryna gatnaşýarlar

 

9-njy oktýabrda Daşkentde FIFA-nyň we AFK-nyň guramagynda sport lukmançylygy baradaky seminaryna badalga berildi.

Seminaryň esasy wezipesi toparlaryň lukmanlarynyň professionallyk derejelerini ýokarlandyrmak bilen bagly bolar. Şeýle-de, seminaryň dowamynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, futbolçylaryň doping barlaglaryny geçirmek baradaky okuwlar bilen birlikde dürli ugurlarda pikir alyşmalara giň mümkinçilik dörediler.

Geçirilýän seminara Merkezi Aziýa wekilçilik (CAFA) edýan Türkmenistandan, Owganystandan, Täjigistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Eýrandan hem-de Özbegistandan gelen hünärmenler gatnaşýarlar. Seminarda türkmenistandan sport lukmanlary Kyýas Hajyýew bilen Baýram Geldiýew wekilçilik edýärler.

Seminar “Milliý” stadionynyň konferens-zalynda geçirilýär.

Taýýarlan Parahat Ataýew, sport synçysy.