Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmen futbolçysy Azerbaýjanyň çempionatyndaky birinji duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 26 ýaşly hüjümçisi Wahit Orazsähedow Azerbaýjanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Ýakynda Azerbaýjanyň “Sabail” toparyna geçen hüjümçimiz “Keşlýa” topary bilen myhmançylykda geçirilen duşuşykda 58-nji minutda ätiýaçlyk oturgyjyndan meýdança girdi. Hüjümçimiziň meýdança giren pursadyndaky 1:1 hasaby oýnuň soňuna çenli üýtgewsiz galdy.

“Sabailde” çykyş edýän beýleki legionerimiz Elman Tagaýew esasy düzümde çykyp, oýnuň 90-njy minutynda çalşyryldy.

Çeşme: “turkmenportal.com”.                      

 Terjime eden Şohrat Ýomudow, sport synçysy.