Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmen eminleri AFK-nyň saýlanan Eminleriniň okuw-maslahatyna gatnaşdylar

 

Türkmenistanly eminler topary Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen AFK-nyň saýlanan Eminleriniň okuw-maslahatyna gatnaşdylar.

Okuw-maslahatyna gatnaşmaga FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow, FIFA-nyň emininiň kömekçileri Ahmet Begnazarow hem-de Pälwan Pälwanow dagy çakylyk aldylar.

Okuw-maslahatynyň dowamynda nazaryýetdir tejribe sapaklary geçirilip, onuň soňunda ýörite guralan fitnes synagy geçirildi. Türkmen eminleriniň üçüsi-de synagdan üstünlikli geçip, 2020-nji ýylda AFK-nyň bäsleşiklerinde eminlik etmäge mümkinçilik aldylar.