Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Tälimçilik kursy tejribe sapaklary bilen dowam etdirildi

 

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda “B” kategoriýany almak ugrunda  geçirilýän tälimçilik kursunyň ikinji güni amaly sapaklar bilen başlandy.

Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumyndaky amaly sapakda  täjigistanly AFK-nyň gözükdirijisi Boir Igamberdiýew gatnaşyjylarta futbol meýdanynda türgenleşik işleri geçirilende nähili tyürgenleşigi alyp bardalydygy barasynda giňişleýin düşünje berdi. Onuň kömekçisi, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow hem öz gezeginde ýaş tälimçiler bilen türgenleşikleriň näderejede alnyp barylmalydygy dogrusynda gürrüň etdi.

Okuw-ýygnanyşygy Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik zalynda nazaryýet sapaklary bilen dowam etdi.

 31-nji awgusta çenli dowam etjek tälimçilik kursuna ýurdumyzyň dürli künjegine wekilçilik edýän futbol hünärmenleriň 24-siniň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Olaryň arasynda futbol boýunça milli ýygyndymyzyň oýunçylarynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek.

Okuw-ýygnanyşygynyň soňunda geçiriljek synaglary üstünlikli geçenlere ýörite sertifikatlar gowşurylar.