Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Pleý-off: “Ahal” ýeňiş bilen başlady

13-nji fewralda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň wise-çempiony “Ahal” topary AFK kubogynyň pleý-off tapgyryndaky birinji duşuşygyny geçirdi. Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda Röwşen Meredowyň tälim berýänleri Täjigistanyň kubogynyň eýesi “Hujand” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşyk 1:0 hasabynda “Ahal” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

“Ahala” ýeňiş getiren topy oýnuň 18-nji minutynda Myrat Annaýew öz adyna ýazdyrdy. “Ahalyň” ýarymgoragçysy Süleýman Muhadowyň garşysyna gödek oýnalandygy üçin eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi.

“Ahal” bilen “Hujandyň” arasyndaky jogap oýny Hujand şäherinde 20-nji fewralda geçiriler. Türkmen-täjik toparlarynyň arasyndaky pleý-off tapgyrynyň ýeňijisi toparçalaýyn bäsleşikde “Altyn Asyr” (Türkmenistan), “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy), hem-de “Istiklol” (Täjigistan) toparlary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik alar.

Hezret Hojagulyýew,

“tff.com.tm” saýtynyň Balkan welaýaty boýunça öz habarçysy.