Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Paýtagtymyzda tälimçilik kursuna badalga berdildi

 

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda “B” kategoriýany almak ugrunda  tälimçilik kursuna badalga berildi. Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda  geçirilýän tälimçilik kursunyň gözükdirijisi hökmünde täjigistanly AFK-nyň gözükdirijisi Boir Igamberdiýew bilen gözükdirijiniň kömekçisi, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow çykyş edýär. Nazaryýetdir tejribeçilik sapaklaryny öz içine alýan okuw-ýygnanyşygy 12-nji awgustda  badalga alyp, 31-nji wgusta çenli dowam eder.

Tälimçilik okuw-ýygnanyşygyna ýurdumyzyň dürli künjegine wekilçilik edýän futbol hünärmenleriň 24-siniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Okuw-ýygnanyşygynyň soňunda geçiriljek synaglary üstünlikli geçenlere ýörite sertifikatlar gowşurylar.