Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Muhadow “Istiklolyň” düzüminde nobatdaky duşuşygyny geçirdi

 

Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Täjigistanyň çempiony “Istiklol” topary 6-njy fewralda Russiýanyň birinji ligasynyň öňbaşçylarynyň biri “Tom” topary bilen duşuşdy diýip, “Istiklol” toparynyň resmi saýty habar berýär. “Istiklolda” synagdan geçýän türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadowyň bu duşuşykda esasy düzümde meýdana çykyp, duşuşygy doly geçirendigini aýratyn bellemek gerek.

Geçirilen duşuşyk hakynda aýdanymyzda, onda hüjümde geçen bu oýun 2:1 hasabynda “Istiklolyň” peýdasyna tamamlandy. Täjigistanyň çempionyna ýeňiş getiren toplary Ehsoni Panjşanbe bilen Iskandar Jalilow geçirdiler.

Ýeri gelende aýtsak, “Istiklol” mundan öňki duşuşyklarynda Gazagystanyň “Tobolyndan” 2:1 hasabynda ýeňildi, Bosniýa we Gersegowinanyň “Çelik” toparyny bolsa 2:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Daniýanyň birinji ligasynyň “Kýoge” topary bilen geçiren duşuşygyny bolsa 1:1 hasabynda deňlikde tamamlady.

Antalýadaky okuw-türgenleşigi tamamlanansoň “Istiklol” Özbegistana ugur alar. “Istiklolyň” 12-nji fewralda Almalyk şäherinde ýerli AGMK topary bilen AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda duşuşýandygyny ýatladýarys.

 

Ýoldaşlyk duşuşygy

«Istioklol» (Täjigistan) – «Tom» (Russiýa) – 2:1

Gollar: Ehsoni Panjşanbe, 21 (1:0). Iskandar Jalilow, 65 (2:0). Maksim Andreýew, 85 – 11 m.j.u. (2:1).

«Istiklol» (Duşenbe, Täjigistan): Nikola Stosiç, Jalil Kimsanow, Alekseý Larin, Ahtam Nazarow, Iskandar Jalilow, Alişer Jalilow, Bahtiýor Kalandarow, Ehsoni Panjşanbe, Fathullo Fathulloýew, Amirbek Juroboýew, SÜLEÝMAN MUHADOW.

6-njy fewral. Side, Antalýa.  «Arslan» sport toplumynyň stadiony.