Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Milli ýygyndymyzyň ýarymgoragçysy “Buhora” toparyndaky birinji goluny geçirdi

Ýakynda Özbegistanyň “Buhora” toparyna goşulan milli ýygyndymyzyň ýarymgoragçysy Arslanmyrat Amanow täze toparyndaky ilkinji goluny geçirmegi başardy.

Özbegistanyň futbol birinjiliginde çykyş edýän “Buhora” topary okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde “Andijan” topary bilen duşuşdy. Daşkendiň “Bunýodkor” stadionynda geçirilen bu duşuşykda “Buhoranyň” futbolçylary jogapsyz toplaryň dördüsini geçirdiler. Arslanmyrat Amanow toparyna ýeňiş getiren gollaryň ikinjisini öz adyna ýazdyrdy. 

1-nji martda başlanýan Özbegistanyň futbol çempionatyna taýýarlyk işlerini geçirýän “Buhora” nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygyny 15-nji fewralda Fergana şäheriniň “Neftçi” toparynyň garşysyna geçirer.

Ýoldaşlyk duşuşygy

Daşkent, “Bunýodkor” st.

“Buhora” – “Andijan” – 4:0

Gollar: Şahboz Erkinow 1-0, Arslanmyrat Amanow 2-0, Şahboz Erkinow 3-0, Bahodir Nasimow 4-0.

Hezret Hojagulyýew,

“tff.com.tm” saýtynyň öz habarçysy.