Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Ildeşlerimiziň toparlary şowly oýnadylar

 

Özbegistanyň futbol çempionatynda 15-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Milli ýygyndymyzyň esasy oýunçylarynyň biri hasaplanýan Arslanmyrat Amanowyň çykyş edýän “Buhora” topary bu tapgyrda özbek futbolunyň öňbaşçysy “Bunýodkor” toparyny kabul etdi. A.Amanowyň esasy düzümde meýdana çykan duşuşygy 2:2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bu deňliginden soň “Buhora” topary toplan 24 utugy bilen eýeleýän dördünji ornuny saklap galdy.

Ildeşimiz Artur Geworkýanyň çykyş edýän “Kyzylkumy” bu tapgyrda ýeňiş gazandy. Ildeşimiziň topary “Sogdianany” 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, toplan 16 utugy bilen 12 toparyň arasynda 8-nji orny eýeleýär.

Ýaryş tertibiniň ilkinji üç ornuny degişlilikde “Pahtakor (30 utuk), “Nawbahor” (27) hem-de “Bunýodkor” (26) eýeleýärler.