Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Gari Uaýt: “Biz ýeňiş gazanmak üçin geldik”

“Aziýa-2019” kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda 14-nji noýabrda Türkmenistanyň hem-de Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek saýlama tapgyryndaky duşuşygyň öňüsyrasy Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi angliýaly Gari Uaýtyň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi.

Oýun baradaky pikiriňizi mälim edäýseňiz?

- Ilki bilen Türkmenistanda ikinji gezek bolýandygyma örän şatdygymy aýratyn belläp geçeýin. Bilýän bolsaňyz, men Guamyň milli ýygyndysy bilen hem Türkmenistana gelipdim. Myhmansöýerligiňiz üçin köp-köp sag boluň. Bu oýun biz üçin örän wajyp duşuşyklaryň biridir. Ýeňen ýygyndynyň Aziýa kubogynyň final tapgyryna çykmaga mümkinçiligi örän uly. Şol sebäpden hem biz diňe ýeňiş gazanmak üçin Türkmenistana geldik.

- Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen öň hem Guamyň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinde duşuşdyňyz. Umuman, milli ýygyndymyz hakyndaky düşünjäňizi beýan edäýseňiz?

- 2016-njy ýylda Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çägindäki duşuşygy geçirmäge Guamyň milli ýygyndysy bilen gelenimde ýeňlişe sezewar bolupdyk. Şondan soň men milli ýygyndyňyzyň oýnuny gowy seljerdim. Umuman güýçli garşydaşyň garşysyna nähili çykyş etmelidigimiz hakynda azda-kände düşünjäm bar.

- Häzirki türgenleşdirýän ýygyndyňyzy gowy öwrenip ýetişdiňizmi?

- Meniň bu ýygyndynyň başyna geçenime 8 hepde boldy. Häzirki wagtda köp üýtgetmeleri girizdim.

- Ýygyndynyň düzümine nähili üýtgeşmeleri girizdiňiz? Çalşan oýunçylaryňyz barmy?

- Bir zady aýdaýyn. Men esasy oýunçy çalyşmagy maksat edinmän, eýsem-de olaryň meýdançada özbaşdak dürs pikirlenmegi öwretmegi esasy maksadym edindim.

- Ýakynda angliýaly 23 ýaşly futbolçy Tim Çow Hytaý Taýpeýiniň raýatlygyny kabul etdi. Siz ony ertirki oýunda meýdança goýbermekçi bolýarsyňyzmy.

- Ony men size aýdyp biljek däl. Meniň bu baradaky netijämi ertir oýunda görersiňiz.

-Ertirki oýunda deňme-deň oýnan ýagdaýyňyzda toparçadan çykmak ýagdaýyňyza baha beräýseňiz!

-Ýaňy hem belläp geçdim, biz diňe ýeňmek üçin geldik. Şonuň üçin hem maksadymyza ýetmek üçin elimizden gelenini ederis.

- Saýlama tapgyrynyň birinji oýnunda myhmançylykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 3:1 hasabynda Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysyny ýeňlişe sezewar etdi. Şonda çykyş eden türkmen oýunçylarynyň haýsylaryndan howatyrlanýarsyňyz?

- Siziň örän güýçli oýunçylaryňyz bar. Men olary içgin öwrendim. Ýöne meniň häzirki wagtda bar ünsüm öz oýunçylarymyzda.

- Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy soňky oýunlarynda ýeňlip durandygyna garamazdan, soňky pursatlarda ýeňiş gazanmagy başardy. Munuň syry nämedekä?

- Men oýunçylaryma soňky pursata çenli ellerini goýbermezlige çagyrýaryn. Şonuň üçinem oglanlar soňky pursatlary ýokary derejede geçirýärler.