Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň nobatdaky tapgyrlary Mary şäherinde geçiriler

 

Şu gün, 19-njy iýunda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Bu tapgyryň ilkinji duşuşygynda “Daýhanbank” “Olimpden” 6:3 hasabynda üstün çykyp, toplan 19 utugy bilen ýaryş tertibinde ikinji basgançaga dolandy. “Serhetçiden” 5:4 hasabynda üstün çykan “Gümrükçi” topary ýaryş tertibinde üçünji orny eýeleýär.

“Senagatbank” bilen “Deňizçiniň” arasyndaky duşuşyk bank toparynyň üstünligi bilen tamamlandy (3:1).

Oýun gününiň soňky duşuşygynda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Köpetdag” “Migrasiýadan” 4:2 hasabynda üstün çykyp, toplan 22 utugy bilen birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda dowam edýän Naýbaşy liganyň 5-nji tapgyrynyň çäginde geçirilmeli “Deňizçi” – “Senagatbank” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 20-nji iýunda sagat 11:00-da oýnalar.

Şu ýerde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýurdumyzda futzaly ösdürmekde uly tagalla edýändigini aýratyn bellemek gerek. Muňa, Naýbaşy ligasynyň oýunlarynyň diňe bir paýtagtymyzda dal-de, eýsem-de, Mary, Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda geçirilýändigi hem doly şaýatlyk edýär.

Naýbaşy Kubogynyň oýunlarynyň ýurdumyzyň dürli künjeginde geçirilmegi futzal boýunça milli ýygyndy toparymyzda çykyş edýän futzalçylarymyzyň ýokary netijeleri gazanmagyna hem oňyn şert döreder. Bu babatda edilýän tagallalar milli ýygyndymyzyň halkara ýaryşlarynda gazanjak ýeňişlerine uly itergi berer.

Naýbaşy ligasynyň duşuşyklarynyň 25-nji, 26-njy hem-de 27-nji iýunda geçiriljek nobatdaky üç tapgyryny Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýardam bermeginde Mary şäheri kabul eder.

Şeýle-de, futzal boýunça geçirilýän oýunlar Daşoguz we Balkan we welaýatlarynda hem geçiriler.

 

 IX tapgyryň netijeleri:                         

Oýun 33

“Olimp”

“Daýhanbank”

3:6

Oýun 34

“Serhetçi”

“Gümrükçi”

4:5

Oýun 35

“Deňizçi”

“Senagatbank”

1:3

Oýun 36

“Köpetdag”

“Migrasiýa”

4:2

 

IX TAPGYRDAN

SOŇ ÝARYŞ TABLISASY:

T/b

TOPARLAR

O

Ý

D

U

T

+/-

U

 

1.

 

KÖPETDAG

9

7

1

1

48-11

+37

22

2.

 

DAÝHANBANK

9

6

1

2

47-28

+19

19

3.

 

GÜMRÜKÇI

9

5

2

2

37-25

+12

17

4.

 

MIGRASIÝA

9

5

1

3

28-21

+7

16

5.

 

SENAGATBANK

8

4

1

3

48-18

+30

13

6.

 

DEŇIZÇI

8

2

2

4

22-24

-2

8

7.

 

SERHETÇI

9

2

0

7

45-71

-26

6

8.

 

OLIMP

9

0

0

9

19-96

-77

0

Bellik: O-oýun, Ý-ýeňiş, D-deňlik, U-utulyş, T-toplar, (+/-)-top gatnaşygy;U-utuk;

 

Geçirilmeli duşuşyklar:

25.06.2020 ý. X-tapgyr                            Mary welaýaty

Oýun 37

“Gümrükçi”

“Olimp”

11:00

Oýun 38

“Migrasiýa”

“Serhetçi”

13:00

Oýun 39

“Daýhanbank”

“Deňizçi”

15:00

Oýun 40

“Senagatbank”

“Köpetdag”

17:00

 

26.06.2020 ý. XI-tapgyr                             

Oýun 41

“Olimp”

“Deňizçi”

11:00

Oýun 42

“Serhetçi”

“Senagatbank”

13:00

Oýun 43

“Gümrükçi”

“Migrasiýa”

15:00

Oýun 44

“Köpetdag”

“Daýhanbank”

17:00

 

27.06.2020 ý. XII-tapgyr                             

Oýun 45

“Migrasiýa”

“Olimp”

11:00

Oýun 46

“Daýhanbank”

“Serhetçi”

13:00

Oýun 47

“Senagatbank”

“Gümrükçi”

15:00

Oýun 48

“Deňizçi”

“Köpetdag”

17:00