Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Futzal: Aşgabat 2017-iň ýeňijileri ýene-de sylaglandylar

Geçen ýyl paýtagtymyzda geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça v Aziýa oýunlarynyň futzal görnüşinde ýeňiş gazanan toparlar Hytaý Taýpeýinde geçirilen Aziýa çempionatynda hem baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýaponýa ýygyndysyna garşy meýdana düşen eýranly futzalçylar bu gezegem “Aşgabat 2017”-däki ýeňşiniň ýöne ýere däldigini subut etmegi başaryp,  4:0 hasabynda üstün çykdy we aziýanyň çempiony boldy. Bu 15-nji gezek geçirilen yklym çempionatynda Eýranyň milli ýygyndysynyň gazanan 12 nji çempionlygydyr. Üçünji ýer üçin göreş alyp baran Özbegistanyň we Yragyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň esasy wagty 4:4 hasabynda deňlikde tamamlandy. Jerime urgularda amadyny synap görmekde bolsa amat Özbegistan futzal ýygyndysyna gülüp bakdy. Netijede, Hytaý Taýpeýinde geçirilen Aziýa çempionaty Eýranyň milli ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy.Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde Ýaponiýanyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylary eýelediler.

Merdan Baýadow,

sport synçysy.