Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Futbol çempionatymyzyň 26-njy tapgyryna badalga berildi

 

Şu gün, 29-njy noýabrda üç duşuşyk bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyryna badalga berildi.

Balkanabatda “Energetigi” kabul eden “Nebitçi” garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirdi. Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary hem bu tapgyrda uly hasap bilen ýeňiş gazandy. Wagtyndan öň altynjy çempionlygyny gazanan “Altyn Asyr” öz meýdançasynda Marynyň “Merwini” 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Paýtagtymyzda “Aşgabat” bilen “Köpetdag” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda hasap açylmady.

26-njy tapgyryň jemleýji duşuşygy 30-njy noýabrda geçirilip, onda “Ahal” Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamyny” kabul eder.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Aşgabat” – “Köpetdag” – 0:0

Duýduryş: 53 Atageldi Geldiýew (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 300

 

 “Nebitçi” – “Energetik” – 5:0

Gollar: 2, 7 (11 m.u.) Azat Garajaýew, 25 Akmämmet Metdäýew, 41, 52 Mämmedaly Karadanow (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 71 Seýitmämmet Hojamämmedow, 75 Aşyrgeldi Ylýasow (“Nebitçi”) – 72 Döwletgeldi Mirsultanow (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: M.Işmuhammedow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 700

 

“Altyn Asyr” – “Merw” – 4:1

Gollar: 4 Begenç Akmämmedow, 5 Begmyrat Baýow, 77 Myrat Annaýew, 86 Mihail Titow (“Altyn Asyr”) – 81 Azat Orazmuhammedow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Atdyýew (Tejen ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 150

 

Çempionatyň tablisasy XXVI tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR”

26

18

6

2

64-23

60

2.

“ŞAGADAM”

25

14

6

5

38-23

48

3.

“AHAL”

25

12

9

4

37-17

45

4.

“KÖPETDAG”

26

11

6

9

33-31

39

5.

“ENERGETIK”

26

7

7

12

26-47

28

6.

“AŞGABAT”

26

7

6

13

25-41

27

7.

“NEBITÇI”

26

7

5

14

24-38

26

8.

“MERW”

26

2

5

19

22-49

11

 

30.11.2019 ý. (şenbe)

 “Ahal” – “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 15:30

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Gurbanow (Aşgabat ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew