Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

FSM çempionlyk derejesini gazandy

 

Türkmenistanyň Sport  we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagyndaky 2004-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda paýtagtymyza wekilçilik eden Futbol sport mekdebiniň (FSM) topary ýeňiji boldy. Finalda GOÝÇÝSM topary bilen geçirilen duşuşykda FSM-iň futbolçylary jogapsyz toplaryň dördüsini geçirdiler.

“Ahal” toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “Bagyr” üçünji orna mynasyp boldy. Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 5-sini geçiren Söhbet Durdyýew (“Ahal”) iň köp top geçirenleriň arasynda öňdäki orny eýeledi.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

Bagyr – Ahal (3-nji orun ugrunda)   - 1:0                  

 

GOÝÇÝSM – FSM (Final)               -0:3                             

 

Çempionata gatnaşan toparlaryň eýelän orunlary:

1. FSM

2. GOÝÇÝSM      

3. “Bagyr”

4. “Ahal”

5. “Mary”

6. “Lebap”

7. “Balkan”

8. “Daşoguz”