Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Final: “Aşgabat” - GOÝÇÝSM

 

Aşgabat şäherinde 2005-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda dowam edýän futbol boýunça ýurdumyzyň birinjiliginde finala çykan toparlar belli boldy. Ýurdumyzyň futbol birinjiliginiň aýgytlaýjy duşuşygynda paýtagtymyzyň toparlary “Aşgabat” bilen GOÝÇÝSM güýç synanyşar.

 Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Tütkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guraýan birinjiligine welaýatlarymyzyň ähli künjegine wekilçilik edýän toparlaryň 5-si (“Ahal”, “Balkan”, “Daşoguz”, “Lebap”, “Mary”) bilen birlikde paýtagtymyzyň 3 toparynyň (“Aşgabat”, GOÝÇÝSM, “Köpetdag”) gatnaşýandygyny ýatladýarys.

 

Ýarym final duşuşyklarynyň netijeleri:

“A” topar

“Balkan” – “Aşgabat” – 2:3

“Ahal” –  “GOÝÇÝSM” – 5:1

5-nji orun ugrunda duşuşyk:

“Lebap” – “Mary” – 0:3

7-nji orun ugrunda duşuşyk:

“Daşoguz” – “Köpetdag” –  +:-