Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

FIFA-nyň täzelenen reýtingi

Türmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde 15 basgançak aşak düşüp, 129-njy orunda ornaşdy. Täzelenen reýtingde 242 utugy bolan milli ýygyndymyz Aziýa Futbol Kofederasiýasyna girýän ýygyndylaryň arasynda 26-njy orny eýeleýär. Aziýa yklymynda birinji orny Eýranyň (dünýäde 36-njy orun-727 utuk), ikinji orny Awstraliýanyň (dünýäde 40-njy orun-700 utuk), üçünji orny bolsa Ýaponiýanyň (dünýäde 60-njy orun-528 utuk) milli ýygyndylary eýeleýärler.

FIFA-nyň täzelenen reýtinginde iň ýokary ösüşi Gyrgyz Respublikasynyň milli ýygyndysy görkezdi. 40 basgançak ösüş gazanan bu ýygyndy täzelenen sanawda 75-nji orny eýeleýär. Iň uly pese gaçan ýygyndy bolsa Gaitiniň milli ýygyndysy boldy. 23 orun ýitiren bu ýygyndy täzelenen sanawda 108-nji orny eýeleýär.

Sanawyň ýokarky orunlary üýtgewsiz galdy: Germaniýa (1533 utuk), Braziliýa (1384 utuk), Belgiýa (1346 utuk).

FIFA-nyň reýtinginiň nobatdakysy 17-nji maýda täzelener.

Hezret Hojagulyýew,

sport synçysy.