Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Birinji liganyň ýeňijisiniň sylaglanyş dabarasy geçirildi

 

Şu gün, 30-njy noýabrda birinji liga wekilçilik edýän toparlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň çempionatynda üstünlik gazanan toparlaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Jemleýji bäsleşigiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda çempionlyk derejesini gazanan “Kerwene” baýragyny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri gowşurdy.

Birinji liganyň jemleýji bäsleşiginde Ahal welaýatynyň “Tejen” topary ikinji, Daşoguz welaýatynyň “Almaz” topary bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 7-sini geçirmegi başaran Aziz Abdullaýew (“Almaz”) çempionatyň “Iň köp gol geçiren” oýunçysy diýlip yglan edildi.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynyň türgenleşik meýdanynda geçirilen birinjilige welaýatlarymyza hem-de paýtagtymyze wekilçilik eden toparlaryň 6-sy gatnaşdy.

  

V tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

13.

“Tejen” – “Türkmennebit” – 4:4

14.

“Derýaçy” – “Almaz” – 1:4

15.

“Kerwen” – “Olimp” – +:-

 

V tapgyrdan soň ýaryş tertibi:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

Top

U

1

“Kerwen” (Aşgabat şäheri)

5

5

0

0

17-5

15

2

“Tejen” (Ahal welaýaty)

5

3

1

1

19-18

8

3

“Almaz” (Daşoguz welaýaty)

5

2

1

2

18-13

7

4

“Türkmennebit” (Balkan welaýaty)

5

1

3

1

8-8

6

5

 “Derýaçy” (Lebap welaýaty)

5

1

1

3

9-16

4

6

“Olimp” (Mary welaýaty)

5

0

1

4

8-19

1