Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Birinji ligaň toparlary üçünji tapgyryň duşuşyklaryny geçirdiler

 

Şu gün, 29-njy maýda birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň Aşgabat şäheriniň zolaklaýyn ýaryşynyň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Bu tapgyryň merkezi oýnunda “Kerwen” bilen “Köpetdag” toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Hasyl” “Olimpden”, “Binagär” bolsa GOÝÇÝSM toparyndan üstün çykdylar.

Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň 9 utuk toplan “Hasyl” topary öňdäki orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde 7 utukdan toplan “Kerwen” hem-de “Köpetdag” toparlary eýeleýärler.

Birinji liganyň çäginde dördünji tapgyryň duşuşyklary 3-nji iýunda geçiriler.

Toparlaryň altysynyň gatnaşmagynda geçirilýän bäsleşigiň birinji aýlawynyň 8-nji iýuna çenli dowam edýändigini ýatladýarys.

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde geçirilýändigini bellemek gerek.

Birinjilikde ýeňiş gazanan toparlar şu ýylyň noýabrynda geçiriljek jemleýji ýaryşda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

 

III tapgyryň netijeleri:

Oýun 7.

“Kerwen” –“Köpetdag”    – 1:1

Oýun 8.

“Hasyl” –“Olimp”              – 5:2

Oýun 9.

“Binagär”– GOÝÇÝSM    – 4:0

 

                                                                                                                                                          III tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

Hasyl

3

3

0

0

14-8

9

2.

“Kerwen”

3

2

1

0

11-2

7

3.

“Köpetdag”

3

2

1

0

8-2

7

4.

Binagär

3

1

0

2

10-8

3

5.

GOÝÇÝSM

3

0

0

3

1-10

0

6.

“Olimp”

3

0

0

3

3-17

0

 

 

IV tapgyr:

03.06.2020 ý. (çarşenbe)

Oýun 10.

“Köpetdag” – GOÝÇÝSM

Oýun 11.

“Olimp”– “Binagär”

Oýun 12.

“Kerwen” –“Hasyl”

 

V tapgyr:

08.06.2020 ý. (duşenbe)

Oýun 13.

“Hasyl”–“Köpetdag”

Oýun 14.

“Binagär”–“Kerwen”

Oýun 15.

GOÝÇÝSM –“Olimp”