Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Balkanabatda iordaniýaly eminler topary eminlik ederler

FIFA-nyň emini Ahmad Faisal Mohammad Alaliniň ýolbaşçylygyndaky iordaniýaly eminler topary “Ahalyň” AFK-nyň kubogy 2018-iň utulan-çykdy tapgyryndaky birinji duşuşygynda eminlik ederler. 13-nji fewralda Balkanabatda “Ahal” bilen “Hujandyň” arasyndaky geçiriljek birinji oýunda Mohammad Alaliniň kömekçileri Issa Mahmud Ahmad Alamawi bilen Mahmud Taher Mohammad Abu-taher bolar. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini Ali Reda (Liwan) ýerine ýetirer. Bu duşuşygyň gözegçi emini Mombeni Hedaýat (Eýran), duşuşygyň komissary katarly Raşid Mahboub Al-dosari bolar.

30 ýaşly Mohammad Alali geçen möwsümde Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynda Singapur bilen Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda eminlik edipdi. Şol duşuşyk Hytaý Taýpeýiniň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Bu toparçada Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem çykyş edendigini ýatladýarys. Milli ýygyndymyz toparçada 10 utuk toplap, toparçalaýyn bäsleşigiň tamamlanmagyna bir tapgyr galandygyna garamazdan, Aziýa kubogynyň final tapgyryna çykmagy başardy. Iordaniýaly eminiň iň soňky eminlik eden halkara duşuşygy bolsa AFK-nyň çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda Mýanmanyň “Şan Ýunaýted” hem-de Filippinleriň “Çeres” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bolupdy.

“Ahal” bilen “Hujand” toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygynyň 20-nji fewralda Hujand şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys. Utulan-çykdy tapgyrynyň ýeňijisi AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge hukuk gazanar.

“tff.com.tm”