Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Baş baýrak “Senagatbankda”

2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip edilmegi mynasybetli geçirilýän sport çäreleriniň gerimi günsaýyn artýar. Türkmenistanyň “Senagat” Paýdarlar Täjirçilik banky tarapyndan geçirilen futzal ýaryşy hem bu ugurda geçirilýän bäsleşikleriň nobatdakysyny özünde jemledi. Edara-kärhanalaryň arasynda paýtagtymyzda geçirilen bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren toparlaryň 15-si baş baýrak ugrunda güýç synanyşdylar. Geçirilen bäsleşigiň dowamynda futzal toparlarynyň görkezen oýunlary olaryň örän taýýarlykly gelendiklerini görkezdi.

Ýaryşyň dowamynda toparlar ilki toparçalaryň dördüsinde bäsleşdiler. Ilkinji iki orny eýelänler bolsa bäsleşigi 1/8 finalda dowam etmäge mümkinçilik aldylar. Tejribeli tälimçi Mergen Ataýewiň tälimçiligindäki “Senagatbank” toparynyň görkezen oýny has-da täsirli boldy. Bu toparyň baş baýragy hiç bir ýeňlişsiz gazanmagy hem tälimçiler düzümi bilen oýunçylaryň sazlaşykly oýny goýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Finalda esasy bäsdeşi “Daýhanbank” bilen duşuşan “Senagatbank” topary 3:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Bu toparlaryň arasyndaky bäsdeşligiň Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynda hem dowam edýändigini aýratyn bellemek gerek. Ýakynda çempionatyň üçünji tapgyrynda geçirilen duşuşykda hem ýeňiş “Senagatbankyň” tarapynda bolupdy. Bu toparlaryň çykyşlaryna ser salanyňda hem sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda raýatlarymyzyň islendik kärdäkilerine professional sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçiligiň döredilendigini görmek bolýar.

Çempionlygy ynamly eýelän toparyň düzüminde tapawutlanan Berdi Meredowyň, Aly Abbasowyň, Ruslan Çaryýewiň, Kerwen Jülmenowyň, Guwanç Kakabaýewiň, Arslan Meredowyň we Döwran Allanazarowyň netijeli çykyş edendiklerini aýratyn bellemek gerek.

Bäsleşikde tapawutlanan futzalçylaryň üçüsi hem “Senagatbank” topaynyň oýunçylarydygy (“Iň köp top geçiren oýunçy” – 15, Rahym Gulamow,  “Iň ökde derwezeçi” Danil Mostowoý, “Iň ökde goragçy” Begenç Annagulyýew) olaryň duşuşyklary örän ýokary derejede geçirendiklerini görkezýär.  Ýeri gelende aýtsak, 2015-nji ýylda döredilen “Senagatbank” topary diňe bir edara-kärhanalaryň arasynda geçirilýän ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanman, eýsem-de, professional futbolçylary özünde jemlän paýtagtymyzyň açyk birinjiliginde hem netijeli çykyş edýär.

Bäsleşigiň “Iň ökde oýunçysy” baýragyna ikinji orna mynasyp bolan “Daýhanbank” toparynyň oýunçysy Rahman Hallyýew mynasyp görüldi. Baýrakly üçünji orna “Ätiýaçlandyryş” topary eýe boldy. Baýrakly orunlara eýe bolan toparlara dabaraly derejede gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.