Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Aziýa Kubogy-2019: Toparçalaýyn oýunlardaky garşydaşymyz ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

 

Sentýabr aýynda Omanyň milli ýygyndysy Liwanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Pim Werbegiň türgenleşdirýän Omanyň ýygyndysy 9-njy sentýabrda Iordaniýada Liwanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu duşuşyk 2019-njy ýylda BAE-de geçiriljek Aziýa Kubogy-2019-a taýýarlyk hökmünde garalýar.

Ýeri gelende aýtsak, Omanyň milli ýygyndysy toparçalaýyn bäsleşikde Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen bir toparçada çykyş eder.

Futbol boýunça Aziýa Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň final bölegi 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary-1-nji fewraly aralygynda BAE-de geçiriler. “F” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary Omanyň, Ýaponiýanyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary bolar. Türkmenistanyň hem-de Omanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 2019-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda Abu-Dabiniň “Mohammed bin Zayed” stadionynda geçiriler.

Taýýarlan Parahat Ataýew,

 sport synçysy.