Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


AFK-nyň resmi wekiliýeti paýtagtymyzda iş saparyny geçirer

 

16-18-nji aprel aralygynda AFK-nyň wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geler. Bilşiňiz ýaly, 2020-nji ýylyň 27-nji fewraly bilen 8-nji marty aralygynda gözel paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Aziýa çempionaty geçiriler.

 Şol maksat bilen ýurdumyza gelýän AFK-nyň wekiliýeti – AFK-nyň futzal we kenarýaka futboly bölüminiň başlygy jenap Braýn Jonson, AFK-nyň futzal we kenarýaka futboly bölüminiň jogapkär işgäri jenap Raýmond Başkaran, AFK-nyň myhmanlara we toparlara hyzmat ediş gullugynyň iş dolandyryjysy Llewelin Pang, marketing boýunça iş dolandyryjysy jenap Nazwan Efendi Çong we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça uly menejeri jenap Li Seunghun Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirerler.

Saparyň dowamynda resmi wekiliýet ýokarda görkezilen halkara ýaryşyny ýurdumyzyň paýtagtynda geçirmegiň taýýarlyk işlerini öwrenip, sport desgalarynda gözegçilik işlerini geçirer. Şeýle-de, futzal boýunça Aziýa Çempionatyny ýokary guramaçylykly depginde geçirmek üçin ýerli guramaçylyk topary bilen iş maslahyatyny geçirer.