Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

AFK-nyň kubogynyň utulan-çykdy tapgyryna badalga berler

Seçip alyş tapgyrynyň netijeleri boýunça AFK-nyň kubogynyň utulan-çykdy tapgyrynda çykyş etjek toparlar belli boldy.

Zolaklara bölünen utulan-çykdy tapgyrynyň ýeňijileri toparçalaýyn bäsleşikde çykyş etmek üçin özara güýç synanyşarlar. Aziýa konfederasiýasynyň ikinji derejeli futbol bäsleşigi bolan AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde toparlaryň 35-si baş baýrak ugrunda bäsleşer.

Bilşiňiz ýaly, “Merkezi zolakda” çykyş edýän “Ahal” topary seçip-alyş tapgyrynda iki duşuşygyň netijesi boýunça Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý” toparyndan üstün çykyp, utulan-çykdy tapgyryna çykmagy başarypdy. Toparymyzyň bu tapgyrdaky garşydaşy bolsa täjikleriň wise-çempiony “Hujand” topary bolar. Bu toparlaryň arasyndaky duşuşyklar 13-nji fewralda Balkanabatda, 20-nji fewralda bolsa Hujand şäherinde geçiriler. Utulan-çykdy tapgyrynyň ýeňijisi toparçalaýyn bäsleşikde ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr”, “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) hem-de “Istiklol” (Täjigistan) toparlary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik alar.

Häzirki wagtda “Ahal” wajyp oýna Balkanabadyň “Sport toplumy” stadionynda taýýarlyk görýär.

Hezret Hojagulyýew,                                                          

 “tff.com.tm” saýtynyň Balkan welaýaty boýunça öz habarçysy.