Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


AFK-nyň Kubogy – 2019: “Altyn Asyr” bilen “Istiklolyň arasyndaky duşuşygyň öňýany metbugat ýygnagy geçiriler

 

AFK-nyň Kubogynyň Merkezi zolagynyň “D” toparçasynyň çäginde 17-nji aprelde paýtagtymyzda duşuşýan “Altyn Asyr” bilen Täjigistanyň “Istiklol toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasy toparlaryň baş tälimçileriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçiriler.

Metbugat ýygnagy 16-njy aprelde paýtagtymyzyň “Olimp” myhmanhanasynyň konferensler zalynda geçiriler. Metbugat ýygnagy 11:30-da başlanar.

Metbugat ýygnagynyň öňsüsyrasy akreditirlenen žurnalistleriň atlary we suratlary berkidilen akreditasiýa kartlary gowşurylar.