Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


AFK-nyň Kubogy – 2019: “Altyn Asyr” bilen “Dordoýyň” arasyndaky duşuşygyň öňýany metbugat ýygnagy geçiriler

 

AFK-nyň Kubogynyň Merkezi zolagynyň “D” toparçasynyň çäginde 19-njy iýunda paýtagtymyzda duşuşýan “Altyn Asyr” bilen gyrgyzlaryň “Dordoý” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasy toparlaryň baş tälimçileriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçiriler.

Metbugat ýygnagy 18-nji iýunda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynyň konferensler zalynda geçiriler. Metbugat ýygnagy 11:00-da başlanar.

Metbugat ýygnagynyň öňsüsyrasy akreditirlenen žurnalistleriň atlary we suratlary berkidilen akreditasiýa kartlary gowşurylar.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Kubogynyň Merkezi zolagynyň “D” toparçasynyň çäginde “Altyn Asyr” bilen “Dordoýyň” arasynda boljak duşuşyk 19-njy iýunda paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 19:00-da başlanar. Birinji tapgyryň duşuşygynda Bişkekde “Dordoý” bilen güýç synanyşan “Altyn Asyr” şondaky duşuşygyny 1:1 hasabynda tamamlapdy.

Geçirilen dört tapgyrdan soň “D” toparçada 7 utuk toplan täjikleriň “Istikloly” birinji orny eýeleýär. 6 utugy bolan “Altyn Asyr” ikinji orunda ornaşmagy başardy.