Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


7-nji tapgyryň çäginde “Köpetdag” “Merwden” üstün çykdy

 

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň ilkinji duşuşygy geçirilip, onda paýtagtymyzyň “Köpetdagy” marynyň “Merwini” kabul etdi.

“Köpetdag” stadionynda geçen bu duşuşyk 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Paýtagtymyzyň topary gazanan bu ýeňşinden  soň 11 utuk toplap, ýaryş tertibinde üçünji orna geçdi. 6 utugy bolan “Merw” topary bolsa 6-njy orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 9-njy maýda “Nebitçi” – “Altyn Asyr” hem-de “Energetik” – “Şagadam” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen dowam eder.

Bu tapgyrda geçirilmeli “Aşgabat” – “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşk 17-nji iýuna süýşürildi.

 

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 “Köpetdag” – “Merw” 3:1

Gollar: 16 Batyrgylyç Berdiýew, 69 Ali Borjakow, 89 Meýlis Diniýew (“Köpetdag”) – 39 Alibek Abdurahmanow (“Merw”)

Bellik: Şiri Annaýew (“Köpetdag”) 16-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Duýdyryşlar: 45+2 Ýazgylyç Gurbanow, 60 Serdar Baýramow, 85 Meýlis Diniýew (“Köpetdag”) – 14 Döwlet Baýramow, 90 Islam Gurbow, 90+2 Şanazar Tirkişew (“Merw”)

Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 700

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“AHAL” FK

6

5

0

1

11-2

15

2.

“ALTYN ASYR” FK

6

3

3

0

11-5

12

3.

“KÖPETDAG” FK

7

3

2

2

6-4

11

4.

“AŞGABAT” FK

6

3

1

2

8-7

10

5.

“ŞAGADAM” FK

6

2

2

2

3-4

8

6.

“MERW” FK

7

2

0

5

4-10

6

7.

“ENERGETIK” FK

6

1

2

3

3-6

5

8.

“NEBITÇI” FK

6

1

0

5

4-12

3