Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


11-nji tapgyryň birinji duşuşyklary geçirildi

 

Şu gün, 27-nji maýda iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyryna badalga berildi.

Paýtagtymyzda Marynyň “Merwini” kabul eden “Aşgabat” 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu duşuşykdan soň utugyny 16-a ýetiren paýtagtymyzyň topary ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçmegi başardy.

Maryda Balkanabadyň “Nebitçisini” kabul eden “Energetik” hem üstünlik gazandy. Ýerli topar garşydaşyny 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Futbol çempionatymyzyň 11-nji tapgyry 28-nji maýda “Şagadam” – “Ahal” hem-de “Köpetdag” – “Altyn Asyr” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen dowam eder.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Aşgabat” – “Merw” – 1:1

Gollar: 80 Boris Iwanow (“Aşgabat”) – 33 Perman Hallyýew (“Merw”)

Duýduryşlar: 24 Batyr Täçnazarow (“Aşgabat”) – 39 Mukam Nazzyýew, 55 Rasim Gereýhanow, 88 Şanazar Tirkişow (“Merw”)

Geçirilýen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.), Hursant Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: Alibek Sapaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: Raşit Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 250

 

 “Energetik” – “Nebitçi” – 5:1

Gollar: 22 Meýlis Rizaýew, 23 Maksat Atagarryýew, 45, 11 m.j.u. Begli Meredow, 72 Muhammet Astanow, 75 Rehmet Şermetow (“Energetik”) – 52, 11 m.j.u. Merdan Gurbanow (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 52 Muhammet Öwezow, 61 Maksat Atagarryýew, 78 Meýlis Rizaýew (“Energetik”) – 44 Muhammet Annaýew, 56 Saýat Gulyýew (“Nebitçi”)

Geçirilýen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Eziz Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Akmyrat Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Bagtyýar Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 1500

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

9

5

3

1

17-7

18

2.

“AHAL” FK

9

6

0

3

14-8

18

3.

“AŞGABAT” FK

10

4

4

2

12-10

16

4.

“ŞAGADAM” FK

9

4

3

2

8-5

15

5.

“KÖPETDAG” FK

10

4

3

3

12-9

15

6.

“MERW” FK

11

4

1

6

10-16

13

7.

“NEBITÇI” FK

10

3

0

7

8-18

9

8.

“ENERGETIK” FK

11

2

2

7

11-15

8