Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Kerwen” çempionlyk derejesini gazandy

 

Birinji liga wekilçilik edýän toparlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň çempionatynyň dördünji tapgyrynda “Türkmennebit” toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan “Kerwen” topary wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy.

12 utuk toplan paýtagtymyzyň topary çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda arzyly sepgide ýetmegi başardy.

“Almaz” toparyny 6:3 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “Tejen” ýaryş tertibinde ikinji basgançaga geçdi. Balkanabadyň “Türkmennebidi” üçünji orunda ornaşmagy başardy.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynyň türgenleşik meýdanynda geçirilýän birinji liganyň birinjiliginiň jemleýji tapgyry 30-njy noýabrda geçiriler.

  

IV tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

10.

09:30

“Olimp” – “Derýaçy”                  – 2:5

11.

12:00

“Almaz” – “Tejen”                      – 3:6

12.

14:30

“Türkmennebit” – “Kerwen”     – 1:2

 

IV tapgyrdan soň ýaryş tertibi:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

Top

U

1

“Kerwen” (Aşgabat şäheri)

4

4

0

0

17-5

12

2

“Tejen” (Ahal welaýaty)

4

2

1

1

15-14

7

3

“Türkmennebit” (Balkan welaýaty)

4

1

2

1

4-4

5

4

“Almaz” (Daşoguz welaýaty)

4

1

1

2

14-12

4

5

 “Derýaçy” (Lebap welaýaty)

4

1

1

2

8-12

4

6

“Olimp” (Mary welaýaty)

4

0

1

3

8-19

1

 

29.11.2019 ý. dynç güni

 

30.11.2019 ý. V tapgyr

13.

09:30

“Tejen” – “Türkmennebit”

14.

12:00

“Derýaçy” – “Almaz”

15.

14:30

“Kerwen” – “Olimp”