Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Köpetdag II” ýurdumyzyň birinjiligini ýeňiş bilen başlady

 

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi “Köpetdag II” – “Energetik II” toparlarynyň duşuşygy bilen badalga aldy.

Birinji tapgyryň ilkinji duşuşygynda güýç synanyşan bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk 1:0 hasabynda “Köpetdag II” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Birinji tapgyryň beýleki duşuşyklary 6-njy martda geçirilip, onda  “Şagadam II” – “Aşgabat II” hem-de  “Ahal II” – “Nebitçi II” toparlary güýç synanyşarlar.

Bu tapgyrda geçirilmeli “Altyn Asyr II” bilen “Merw II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 19-njy marta süýşürildi.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

“Köpetdag II” – “Energetik II” – 1:0

Gol: 46 Arslan Ýollyýew (“Köpetdag II”)

Geçirilen ýeri: Gökje ýaşaýyş jaý toplumynyň futbol meýdany (Aşgabat ş.)