Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Köpetdag” topary Naýbaşy ligasynda 9-njy ýeňşini gazandy

 

Ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy “Köpetdag” topary 9-njy ýeňşini gazandy.

Bu tapgyryň çäginde “Daýhanbank” bilen duşuşan paýtagtymyzyň topary 9:2 hasbynda garşydaşyndan üstün çykyp, ikinji orun bilen aratapawudyny artdyrmagy başardy.

Bu tapgyryň beýleki duşuşygynda “Olimp” bilen duşuşan “Deňizçi” 5:2 hasabynda üstün çykdy. “Serhetçiden” 4:2 hasabynda üstün çykan “Senagatbank” 6-njy ýeňşini gazanan bolsa, şoňky tapgyrlarda netijeli oýnaýan “Migrasiýa” topary “Gümrükçi” bilen geçiren duşuşygyny 2:2 hasabynda deňlikde tamamlady.

Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň utugyny 28-e ýetiren Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdagy” birinji orny eýelemegini dowam edýär. 21 utuk toplan “Gümrükçi” ikinji, 20 utugy bolan “Migrasiýa” üçünji orunlary eýeleýärler.

Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyry 27-nji iýunda geçiriler.

 

 XI tapgyryň netijeleri:                         

Oýun 41

“Olimp”

“Deňizçi”

2:5

Oýun 42

“Serhetçi”

“Senagatbank”

2:4

Oýun 43

“Gümrükçi”

“Migrasiýa”

2:2

Oýun 44

“Köpetdag”

“Daýhanbank”

9:2

 

XI TAPGYRDAN SOŇ ÝARYŞ TABLISASY:

T/b

TOPARLAR

O

Ý

D

U

T

+/-

U

 

1.

 

KÖPETDAG

11

9

1

1

64-13

+51

28

2.

 

GÜMRÜKÇI

11

6

3

2

50-27

+23

21

3.

 

MIGRASIÝA

11

6

2

3

41-24

+17

20

4.

 

DAÝHANBANK

11

6

1

4

51-41

+10

19

5.

 

SENAGATBANK

11

6

1

4

54-28

+26

19

6.

 

DEŇIZÇI

11

4

2

5

32-30

+2

14

7.

 

SERHETÇI

11

2

0

9

48-86

-38

6

8.

 

OLIMP

11

0

0

11

21-112

-91

0

Bellik: O-oýun, Ý-ýeňiş, D-deňlik, U-utulyş, T-toplar, (+/-)-top gatnaşygy;U-utuk;

 

Geçirilmeli duşuşyklar:

27.06.2020 ý. XII-tapgyr                             

Oýun 45

“Migrasiýa”

“Olimp”

11:00

Oýun 46

“Daýhanbank”

“Serhetçi”

13:00

Oýun 47

“Senagatbank”

“Gümrükçi”

15:00

Oýun 48

“Deňizçi”

“Köpetdag”

17:00