Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

“Köpetdag” futzal topary täze möwsüme taýýarlanýar

 

Geçen ýyl futzal boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde birinji orna mynasyp bolan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futzal topary täze möwsüme taýýarlygynyň ikinji tapgyryny 10-23-nji fewral aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirer. Bu barada habar beren toparyň baş tälimçisiniň kömekçisi Boris Borowik okuw-türgenleşiginiň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirmekçi bolýandyklaryny aýdyp geçdi. «Köpetdagyň» birinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň paýtagtymyzda geçirilendigini ýatladýarys.

«Köpetdag» futzal klubunyň başlygy Şöhrat Durdyýew bilen bolan gürrüňdeşligimizde ol  topara täze tälimçiniň bellenendigini habar berdi. Bu wezipä tejribeli tälimçi Mergen Orazow bellenildi. Ezizgeldi Annalyýew, Sähet Öwezow hem-de Boris Borowik baş eminiň kömekçileriniň wezipesini ýerine ýetirerler.

Häzirki wagtda toparyň düzüminde futzalçylaryň 25-si gözden geçirilýär. Olaryň arasynda «Migrasiýanyň» öňki oýunçylary Meretgeldi Baýramowyň, Döwletmyrat Marlyýewyň, «Senagatbankyň» oýunçysy Allaberdi Meredowyň, futzal boýunça ýaşlar ýygyndymyzyň oýunçysy Meýlis Hoşmuhammedowyň, «Ahal» futzal toparynyň kapitany Aýmyrat Magtymowyň bardygyny aýratyn bellemek gerek.

Ýeri gelende aýtsak «Köpetdag» şu möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygyny 10-njy martda geçirer. Şol gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary Naýbaşy kubok ugrunda Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçisi» bilen duşuşar. Bu duşuşyk 12:00-da başlanar. Onuň yzysüresi, 14-nji martda Türkmenistanyň futzal ligasyna badalga berler.