Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Energetik-II” birinji aýlawyň ýeňijisi

 

Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän futbol boýunça birinji liganyň zolak bäsleşiginiň birinji aýlawy tamamlandy. Birinji aýlawyň netijeleri boýunça 100 göterim netije görkezen “Energetik-II” topary ynamly birinji orny eýeledi. Birinji aýlawyň galdyrylan duşuşygynda “Energetik-II” topary myhmançylykda “Ýolötenden” 5:4 hasabynda üstün çykdy. Şeýle-de birinji aýlawyň galdyrylan beýleki duşuşygynda “Ýaşlyk” ilkinji ýeňşini gazanmagy başardy.

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň Mary welaýaty boýunça zolak ýaryşynyň ikinji aýlawyny awgust-sentýabr aýlary geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Mary welaýaty boýunça zolak bäsleşigine toparlaryň altysynyň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

II hem-de IV tapgyryň galdyrylan duşuşyklary:

“Ýolöten” – “Energetik-II” – 4:5   

“Kuwwat”–“Ýaşlar” – 1:4           

 

 

Birinjiligiň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

Top

U

1

“Energetik-II” Marynyň Döwlet energetika stansiýasy

5

5

0

0

19-7

15

2

“Merw-II” Mary ş.

5

3

1

1

11-6

10

3

“Ýeňiş” Mary etr.

5

3

1

1

10-11

10

4

“Ýolöten” Ýolöten etr.

5

1

1

3

17-16

4

5

“Ýaşlar” Mary ş. №5 sport mekdebi

5

1

0

4

5-15

3

6

“Kuwwat” Türkmen döwlet energetika instituty

5

0

1

4

7-12

1