Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Altyn Asyryň” hem-de “Ahalyň” AFK kubogyndaky duşuşyklarynyň eminleri bellenildi

FIFA-nyň emini Omar Mubarak Mohamad Mazarua Al-Ýakubiniň ýolbaşçylygyndaky Omanly eminler topary ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyryň” AFK-nyň Kubogy 2018-iň toparçalaýyn bäsleşiginiň soňky duşuşygynda eminlik ederler. Bu duşuşykda paýtagtymyzyň topary Täjigistanyň “Istikloly” bilen duşuşar. Bu toparlaryň arasynda Balkanabat şäherinde geçirilen birinji duşuşyk 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Toparçadan çykmak ugrunda täjik topary bilen ýiti göreş alyp barýan “Altyn Asyr” toparyna bu duşuşykda ýeňiş gazanmak gerek.

Bu tapgyrdaky duşuşygyny Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde ýerli “Alaý” bilen geçirýän “Ahalyň” duşuşygynda bolsa Günorta Koreýaly FIFA-nyň emini Kim Wossing eminlik eder. Toparlaryň arasynda Aşgabatda geçen duşuşykda “Ahal” 5:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Bu toparlaryň ikisiniň hem toparçadan çykmak mümkinçiligini ýitirendiklerini ýatladýarys.

“Altyn Asyr” bilen “Istiklolyň” arasyndaky duşuşyk 16-njy maýda Gissar şäherinde, “Alaý” bilen “Ahalyň” arasyndaky duşuşyk bolsa Oş şäherinde geçiriler.