Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

“Altyn Asyr” wajyp ýeňşi gazandy

 

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň galdyrylan duşuşygy geçirilip, onda “Merw” “Altyn Asyry” kabul etdi. Esasy üns goragda jemlenen duşuşykda netije derwezä geçirilen bir top bilen kesgitlenildi. Netijeli urgyny oýnuň 25-nji minutynda 11 metrlik urgudan Begmyrat Baýow geçirmegi başardy.

Şeýlelikde, 22 oýunda 48 utuk toplan paýtagtymyzyň topary ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär. Birinji  orny eýeleýän “Ahalyň” 50 utuk toplady. Ýöne “Ahal” garşydaşyna garanyňda bir duşuşygy artyk geçirdi. Eger-de, “Altyn Asyr” “Köpetdag” bilen 22-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda ýeňiş gazansa, onda birinji orna geçmäge gowy mümkinçiligi bar.

24-nji tapgyryň duşuşyklary 13-nji hem-de 14-nji oktýabrda geçiriler.

 

21-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynyň netijesi:

 “Merw” – “Altyn Asyr” – 0:1

Gol: Begmyrat Baýow 25; 11 m.j.u. (“Altyn Asyr”)

Duýduryş: Azat Orazmuhammedow 23 (“Merw”)

Geçirilýän ýeri: “Sport desga” stadiony (Mary wel. Baýramaly etr.)

Duşuşygyň emini: Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Bahtyýar Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 500

 

XXIII tapgyrdan soň tablisa:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“AHAL” FK

23

15

5

3

42-16

50

2.

“ALTYN ASYR” FK

22

15

3

4

42-13

48

3.

“ENERGETIK” FK

23

10

6

7

22-19

36

4.

“ŞAGADAM” FK

23

10

4

9

20-25

34

5.

“AŞGABAT” FK

23

7

4

12

20-31

25

6.

“MERW” FK

23

5

9

9

20-28

24

7.

“KÖPETDAG” FK

22

6

3

13

23-34

21

8.

“NEBITÇI”  FK

23

5

2

16

24-47

17